Dark
Light
14.06.2026
sergi 24062425696 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda Eýranyň «Iran AgroFood» ady bilen ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

24.06.2024

Türkmenistan paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 27-29-njy awgusty aralygynda «Iran AgroFood» ady bilen Eýranyň azyk önümleriniň we oba hojalygynyň on altynjy (XVI) ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 21-nji iýunynda habar bermegine görä, bu sergi Eýranyň oba hojalygy pudagynyň önümleri, oba hojalygy tehnikasy bilen tanyşmaga we modifisirlenen tohumlaryny, dökünlerini, himiki serişdelerini öwrenmäge mümkinçilik döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, azyk önümlerini gaplamak pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijiler we ykdysady işewürler, täzeçil tehnologiýalara eýe bolan we ylma esaslanýan kompaniýalar öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezerler.

Maglumat üçin belläp geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Iran Prože” ady bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilipdi.

lettuce field irrigation sprinklers THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy teklip edýär

halycylyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasy taýýarlanyldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop

Don't Miss