Dark
Light
14.06.2026
thumb 692 0 0 0 auto THE ASHGABAT TIMES

Babadaýhanlar ýurduň harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

25.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda 24-nji iýunda geçiren iş maslahatynda ýurduň daýhanlarynyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi we toplumyň işi bilen tanyşdy.

Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurtda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem önümçilik toplumynyň çäginde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän galla önümleriniň görnüşlerinden, tohumlyk dänelerden, täze hasyldan taýýarlanan undan, çörek we çörek önümlerinden ybarat bolan sergi guraldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

a081030bcd3e9d97a7ed4904e874b8a2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDHÇMB-da 24-nji iýunda jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop

Don't Miss