Dark
Light
15.05.2026
9f924895 b8a6 46d3 8a30 0faae30da0da THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýarlyk aýdymy

07.06.2024

Şirin aýdym kimin süýjäpdir günler
Ýaşaýyşyň hezilligni diýsene.
Gül Diýarda ynjamadyk göwünler.
Oň goýnundan gaýry mesgen küýsemez.

Diňe hoş habara şaýatdyr didäň
Tamam eşreti bar Beýik barlygyň
Agzybirlik bilen gün-günden güýjär.
Hökmürowanlygy bagtyýarlygyň.

Seret, gaýgy gamdan uzak çagalar
Ellerinde kemput, kişmiş gül we şar.
Halal zähmet bilen, ynanýas, olar.
Erte aýdyň ýollarmyza gül düşär.

Okaýar, öwrenýär Watan ýaşlary
Döredýär hem gurýar kemin goýmaýar.
Pederleriň başyn başlan işleri
Nesilleriň birliginde şowlaýar

Duýulýar topragyň berekedinde
Halal deriň, päk zähmetiň höziri.
Şanyna bu Ülkäň çar künjeginde
Nagma kakýar nesilleriň her biri.

Dile Hakdan bolsun diýip elmydam.
Günler gözel, iller aman, ýurt esen.
Sebäp müň ömürlik söýgi bergidar
Bir ömürlik mähir beren Ýurda sen.

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilesim gelýär

1a0c060d a202 43ca baf9 893c11b12e13 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Soňkylar Goşgular

Parahatlyk şuglasynda

01.04.2026
Göz guwanýar, atyr burkly her künji,Dünýäde birdir, meniň Watanym!Änew, Nusaý, Merw hem KöneürgenjiAçylmadyk syrdyr, eziz Watanym! Gollarynda — şirwan perde, gazmasy…Dünýä meşhur dessançylyk nagmasy.Ýazyna

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

27.02.2026
Bahar buşlukçysy Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,(Uzak ýaşar şol

Täze ýyl arzuwlary

31.12.2025
Adam iki gezek gelmeýär dünýä,Ýaşalan bir ömür ýaşalsyn sünnä.Köňülde kök uran, göwünde güllänBagt bagyndan paý eçilsin bu ýyllar! Humaý guşy ganat berip perinden,Her kes

Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara

09.08.2025
Diýdiler Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara,Näz kylan bakyşlary goýar armana.Saçy uzyn, gaşy ýaý, ýüzi nurana,Gözelleriň gözeli peri diýdiler. Soradym ilden ol gözeliň ismini,Setirlerimde

Bu türkmeniň Lideri siz, Arkadag!

17.12.2024
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag!Gadym ýurda baky bagty getiren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag! Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,Täleýine ykbal nury saçylan,Topragyna rysk-bereket
GitTop