Dark
Light
14.06.2026
a081030bcd3e9d97a7ed4904e874b8a2 THE ASHGABAT TIMES
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

TDHÇMB-da 24-nji iýunda jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy

25.06.2024

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) 24-nji iýunda milli manatda geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 62 million 636 müň 295 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler «Türkmenpagta» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen pagta übtügini satyn aldylar.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen SN-180 kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 6 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýeli telekeçi jemi bahasy 110 müň ABŞ dollaryna deň bolan şepbeşik nebit ýol bitumyny, Özbegistanly telekeçi bolsa umymy bahasy 360 müň 875 ABŞ dollaryna barabar bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

efa682a93e76dd19b600c074b8080b3b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

thumb 692 0 0 0 auto THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Babadaýhanlar ýurduň harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop

Don't Miss