Dark
Light
14.06.2026
ikpqehqvwj8vkcaikihi4ew7alz1qavitmwiyt92 THE ASHGABAT TIMES
Surat: cci.gov.tm (Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy)

Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisinde

27.06.2024

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 26-njy iýunda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem girýär.

Ýewraziýa döwletleriniň 23-siniň, şol sanda Hytaýyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylan halkara sergä Türkmenistan dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrýan milli pawiliony bilen gatnaşýar.

Sergide Türkmenistanyň wekiliýeti hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri bolan türkmen bazarynyň, söwda-ykdysady ulgamynyň ösüşi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi bilen daşary ýurtly işewürleri tanyşdyrýar.

Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden ýüzlerçe işewürleriň gatnaşýan halkara sergisi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek üçin mümkinçilikleri döredýär.

07032023 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär

ypmg 5 e1719504881398 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri 3-nji gün I bölüm

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop

Don't Miss