Dark
Light
14.06.2026
wengriya1 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri üwmeç, maýonez önümçiliginde hyzmatdaşlygy ylalaşyga gol çekdiler

19.06.2024

Türkmenistanyň «Nedir Gala» kärhanasy we Awstriýanyň «Spak GmbH» kompaniýasy Türkmenistanda üwmeç we maýonez önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyga başlamak hem-de bu önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna eksportyny giňeltmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň 2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda habar bermegine görä, bu resminama Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen telekçileri üçin önümçilik meýdançalaryna birnäçe gezelençler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we innowasion telekeçiligi, senagat tejribesini öwrenmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.

Mundan daşary, «Döwrebap ulag merkezi» hojalyk jemgyýeti logistik amallaryny sazlaşdyrmaga we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Ýewropa bilen Türkmenistanyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin «Zoloto GmbH» kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdi.

Gazanylan ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň tehnologiýa alyş-çalşyny giňeltmäge, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmegine garaşylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant bolar diýlip, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habarynda bellenildi.

gaz e1718803655445 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

b925d811878d8df3900a5afa3a5f849d e1718811735844 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanynda gurbanlyk sadakasyny berdiler

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop

Don't Miss