Dark
Light
09.05.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalanmagy

17.07.2024

Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (KOICA) tarapyndan 2024-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekilleriniň Koreýa Respublikasynda geçirilýän “Aziýanyň adam hukuklary boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň bilimini ýokarlandyrmak” atly okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin iş sapary amala aşyrylýar. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bar. Olar:

  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Döwleti öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Allaberdi Orazmuhammedow;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bölüminiň birinji sekretary Göwher Berdiýewa;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Hommadowa.
gpimgauoirzhteduojzmjfwuu0w THE ASHGABAT TIMES
THE ASHGABAT TIMES

Bilşimiz ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.
Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Ýurtda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksatlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar.

Oguljahan JOBBOROWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kq74fire28fe6celxh3bwvmzelwfrm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi Daşkentde

screenshot 2024 07 15 102630 1721045727 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

GDA-NYŇ ÝAŞ HALKARAÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN A.A.GROMYKO ADYNDAKY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI YGLAN EDILDI

Soňkylar Makalalar

Hakyda mukaddesligi

08.05.2026
Parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlary, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgeleri alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy dünýä halklarynyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň gülläp ösýän

Pederleriň edermenligi – görelde mekdebi

07.05.2026
Şu ýyl Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene ― 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81

Hiç kim ýatdan çykarylmaýar!

06.05.2026
Ata Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenilýär. Ýurdumyzda bu urşa gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna,

Ýüpekçilik – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

06.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm sütünleriniň biri bolan dokma senagaty täze ösüş derejesine göterildi. Bu ulgamda aýratyn orun tutýan ýüpekçilik

Saglygyň gadryny bilgil…

05.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin ägirt uly tagallalar edilýär hem-de ähli mümkinçilikler döredilýär.
GitTop