Dark
Light
19.07.2026
150724 008 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistandan meýletinçi Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy

17.07.2024

Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi bilen bagly taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärä Türkmenistandan meýletinçi Kasym Jumaýew gatnaşdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti 15-nji iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlis «Nesilleriň baglanyşygy: ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak we geljege gatnaşdyrmak» şygary astynda geçdi. Ol Ýewropadan we Merkezi Aziýadan ýaş ýolbaşçylary bir ýere jemledi.

Mejlise gatnaşanlar üç günüň dowamynda bilimlerini paýlaşdylar we dünýädäki ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly işleri maslahatlaşdylar. Maksatnama jebis gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur bilim, gurallar, ulgamlar bilen üpjün etmek arkaly ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

lhobljejuraeevcffo8nvt5r4dmmf6 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkentde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň XVIII mejlisi geçirildi

dsc 0549 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Talyplyga dalaşgärler üçin degişli kanunda göz öňünde tutulýan ýeňillikler

Soňkylar Dünýä habarlary

U17 Dünýä çempionaty Bakuwda başlanýar

18.07.2026
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuw şäherinde 2026-njy ýylyň 27-nji iýulyndan 2-nji awgustyna çenli U17 ýaşlar arasynda erkin, grek‑rim we zenanlaryň göreşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu
GitTop

Don't Miss