Dark
Light
11.04.2026
18. kowusnama.pdf THE ASHGABAT TIMES

“Kowusnama” söz edebi barada

28.10.2024

XI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus özüniň «Kowusnama» kitabynda söz edebini dört topara, ýagny birinjisi – bilinmegem we aýdylmagam gerek däl söz; ikinjisi – bilinmegem, aýdylmagam gerek söz; üçünjisi – gürrüň berilse bolýan, emma bilmeklik hökman däl söz; dördünjisi bolsa bilmeli-de, gürrüň bermeli-de däl sözdür. Şu öwütden ugur alyp, köpçülikde näme hakynda gürrüň edip bolýar, näme hakynda gürrüň edip bolmaýandygyny seljermelidir. Sözlemleriňiziň arasyny başga dilleriň sözleri bilen dürüşde etmek ýa her sözlemiň arasynda ýerliksiz gülüp, gerekmejek sözler goşup, elleriňi kelemenledip oturmak edepsizlik hasaplanýar. Köpçülikde gürlemek nobaty berilse, hökman jemagatyň düzümine seretmeli we şoňa laýyk sözlejek bolmaly. Her bir sözüň öz aýdylyş äheňine, tärine üns bermeli, ony aýtmagyň ebeteýini tapmaga çalyşmalydyr. Göräýmäge aýdylan gepiň manysy birdirem weli, diňleýjä täsir edişi dürli-dürlüdir.

Keý Kowus öz ogluna “Ýedi kelleli aždarhadan däl-de, iki dilli adamdan gorkmaly” diýip, iki dilli, sözünde ygrary bolmadyk, wadasyna wepasyz adamyň howply adamdygyny düşündirýär.

Adamyň tebigatyna köp bilmek gelişýär, adam näçe köp bildigiçe gözleri ýitelýär, gözýetimi giňeýär. Sowatlylykda owadanlyk bar, şonuň üçin-de görmeksizje adam bolsa-da, sowadyna göwnüň ýetende ol adam gözüňe owadan, nurana bolup görünýändir.

Bimany, ýaramaz gepler dessine adamy ýadadar, emma dana, akylly sözler adamy hiç mahal ýadatmaýar, beýle sözleri diňledigiňçe diňläsiň gelýär, näçe köp diňleseň-de az ýaly görünýär. Dünýäde adamzadyň dili ýaly süýji, eziz, mähriban gudrat ýokdur. Adamyň dilinden çykýan dana-dana sözler adama ganat berýär. Dilinden çykýan mähriban sözler doga ýaly, melhem ýaly bizi müň bir dertden halas edýär, beýik işlere ruhlandyrýar.

Hakykaty bilmek ähli ýa köp zady bilmek bilen, hakykaty aýtmak başarnygy ähli ýa köp zady aýtmagy başarmak bilen bir zat däldir. Hakykaty aýtmak — iň esasy zatlary, seni ertir şu günki derejäňden has ýokary derejä göterjek zatlary aýtmagy başarmakdyr. Hakykaty sözlemek başarnygy aýdyň, düşnükli we sada sözlemek başarnygydyr. Munuň üçin bolsa kesgitli, çürt-kesik sözlemegi başarmak gerek. Pikir gymmatlyklary çürt-kesiklik, kesgitlilik, manylylyk häsiýetine eýe bolmalydyr.

Arzuw Gurbanowa
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen alabaýy-halkymyzyñ buýsanjy

roboty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar robot tehnologiýalary bäsleşigini geçirer

Soňkylar Makalalar

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil

Telekeçilik – ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

08.04.2026
Telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylmagy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hususy pudagyň
GitTop