Dark
Light
16.06.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ölçeg taýakdan hasabat almak

15.10.2024

Niweliriň dürbisi reýka gönükdirlende ölçeýji reýkanyň bir bölegi we onuň üstüne düşen tor çyzyklar görünýär. Reýkadan hasabaty toruň ortaky gorizontal çyzygyndan alýarlar. Ölçeýji desimetr sany, santimetrleri sanaýarlar, millimetrleri göz çeni bilen alýar.

Reýkadan hasabaty onuň dik ýagdaýynda alýarlar. Ýokary takykly ölçeglerde (I, II klas niwelirleme) reýkalaryň meýdanda dikligini almak üçin reýkalarda deňleýjini berkidýärler.

Topografiýada we geodeziýada ulanylýan ölçeg gurallary esasy üç topara: ýokary takykly, takyk we tehniki takykly ýaly bölünýär.

Toparlara bölünmek ulanylýan geodezik gurallaryň takyklygyna baglydyr. Ölçegiň takyklygy, islendik ululygy ölçemegiň usulyna, olaryň sanyna we ölçeg prosesine baglydyr. Takyklygy boýunça ölçegler: deň we deňdäl takykly ýalylara bölünýär. Deň takykly ölçeg–birmeňzeş netijäniň bir ýa-da takyklygy boýunça deň başga bir gural bilen, deň şertlerde alynan bahasydyr. Ýokardaky agzalan şertler bozulanda alnan netije, deň däl takykly ölçegbolýar. Köp ýagdaýlarda deň we deň däl takykly ölçegleriň netijesine, alnan ululygyň takyklygy boýunça baha berilýär.

Geodeziýada ölçenilýän obýektiň ölçenilişine we görnüşine baglylykda, çyzykly, burçly we fiziki ululyklary ölçemekýaly toparlara bölünýär. Çyzykly ölçeglere, meselem, triangulýasiýada bazisiň uzynlygyny, poligonometriýada çyzygyň uzynlygyny; burçlykese-dik burçlary; fizikiululyklardan köpräk howanyň temperaturasynyň, basyşyň çyglylygyň ölçenilişini sanamak bolar.

Islendik ululygy ölçemek şu aşakdakylardan ybarat

1) Ölçenilýän ululygyň ölçenip alynyş ýoluna baglylykda gönüden-göni we gytaklaýynbolýar.
2) Şol bir ululygyň ölçeniş sanyna baglylykda, zerur(gerek) we artykmaçbolup biler.
3) Ölçemegiň şertiniň hemişelikligine bagly bolan ölçegiň takyklygy deň takyklykly we deň däl takyklybolýar.

Eger-de haýsy hem bolsa ululyk birnäçe gezek ölçenen we her bir aýry ölçegiň netijeleri bir-birine bagly bolmazdan alnan bolsa onda oňa bagly däl ölçeglerdiýilýär.Gönüden-göni ölçegler, haçanda ölçenilýän ululygyň özüni ölçesek alynýar.

Baýramnazar ARABOW
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 15.10.2024

efir yaglary optimized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

EFIR ÝAGLARY

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop