Dark
Light
14.06.2026
gwrjjc2uz7uyyobsrpzyflb1ssdpurn8umac8boadytvfruquqpjsvrf9iln THE ASHGABAT TIMES

Energetika ulgamynyň ösüşi

18.11.2024

Energetiki ulgamlaryň sazlaşykly işlemekleri, halk hojalygynda ýerlikli peýdalanmak, energiýany hasaba almak, energetiki resurslary ulanmaklygyň ähmiýetliligini, tygşytlylygyny talyplara öwretmek dersiň esasyny tutýar. Häzirki döwürde ekologoki taýdan arassa, ykdysady taýdan arzan, konstruksiýasy boýunça ýönekeý energetiki enjamlary gurmaklygyň, peýdalanmaklygyň tehnikalary öwredilýär. Okatmagyň esasy usuly hökmünde umumy okuw ulanylýar. Amaly we tejribe sapaklarynda bolsa desgalaryň bölekleri, olaryň berkligi, ýüze çykýan näsazlyklaryň öňüni almak ýaly meseleleriň toplumyna seredilýär.

Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde ýurdumyzda ençeme müň kilometr paýlaýjy we birleşdiriji howa hem­de kabel liniýalary, ýüzlerçe pod-stansiýalar guruldy. Döwrüň talabyna görä ýurduň energiýa ulgamynyň kuwwa-tyny güýçli depginler bilen ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bar bolan bug­turbina energiýa bloklaryny kämilleşdirmek we häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Olaryň ilkinji-si Mary döwlet elektrik stansiýasynda döwrebaplaşdyryldy.

Bagtyýarlyk döwrüniň möhüm taslamalarynyň biri milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Awazada kuwwaty 254,2 MWt bolan elektrik stansiýasy guruldy. Paýtagtymyzda elektrik energiýasyny sarp etmekligiň mukdarynyň her ýylda takmynan 10% ýokarlanýandygy sebäpli, Aşgabadyň gündogar tara-pynda Ahal welaýatynda ýene­de bir gaz­turbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanylmaga berildi. Ahaldaky we Awazadaky desgalar 2010­njy ýylda işe girizilen desgalardyr.

Türkmenistanyň energetika ulgamy bilen Merkezi Aziýanyň birleşen energetika ulgamynyň arasynda elektrik baglanyşygy bar. 220 kilowoltlyk Balkanabat­Gonbat elektrik geçiriji liniýa boýunça elek-trik energiýanyň eksporty başlanandan soň, Eýrana bolan energetika «Köprüsi» işläp başlady. Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara çykarmak mümkinçiligini artdyrmak üçin täze energiýa arteriýalaryny gurmaklyk bellenildi.

Şageldi HUDAÝBERDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

gozel ulkam asgabat bzf5qo4hly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gözel ülkäm Türkmenistan

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maýa goýum işjeňligi

Soňkylar Makalalar

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy
GitTop

Don't Miss