Dark
Light
18.02.2026
pedinstitut im sejdi THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda 4-nji dekabrda fizika boýunça olimpiada geçiriler

29.11.2024

S.Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 4-nji dekabrda türkmen we daşary ýurt uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda IV açyk halkara internet-fizika olimpiadasyny geçirer. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Gatnaşýanlar iki ýarym sagadyň dowamynda mehanika, elektrodinamika, optika we molekulýar fizika boýunça bäş meseläni çözmelidirler. Her uniwersitetden dürli hünärlerden bäş talyp gatnaşyp biler.

Žýuri agzalaryna degişli uniwersitetleriň mugallymlary we Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-bilim birleşikleriniň wekilleri girer. Bäsleşik ylmy işlere gyzyklanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uniwersitetleri we ylmy birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenskie borcy v kazani THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan guşak göreşi boýunça ýaryşda dokuz medal gazandy

image770x420cropped 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝUNESKO: sanly mazmun döredijileriniň üçden iki bölegi maglumatlary paýlaşmazdan ozal barlaýarlar

Soňkylar Habar

Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlandy

17.02.2026
Düýn – 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli

Ýaremezançy çagalar aýlanyp başlady

16.02.2026
Mübärek Oraza aýynyň golaýlaşmagy bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde gadymy we şadyýan däplerimiziň biri bolan Ýaremezan aýdymlary gaýtadan belentden ýaňlanyp başlady. Agşamara goňşy-golamlaryň gapysynda ýygnanan
GitTop