Dark
Light
14.06.2026
samolet turkmenistana THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň raýatlary Russiýa we Belarusiýa bir wiza bilen baryp bilerler

13.01.2025

Russiýa ýa-da Belarusda bolmak üçin wiza alan Türkmenistanyň raýatlary, bu iki ýurduň serhedini resmi taýdan bellenen geçelgeler arkaly geçip bilerler.

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap, Russiýa we Belarusyň wizalary özara ykrar etmek baradaky 2020-nji ýylyň iýun aýynda gol çekilen ylalaşygy güýje girdi. Şertnama, ýokarda agzalan ýurtlaryň birinden wiza alan daşary ýurt raýatlaryna goşmaça wiza almaga zerurlyk bolmazdan, olaryň arasyndaky serhedi erkin geçmäge mümkinçilik berýär. Halkara howa menzilleri we demir ýol stansiýalaryndan başga-da, ýörite awtoulag ugurlary hem kesgitlenildi.

Şeýle-de bolsa, taraplaryň her biri, islendik daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatsyz adamyň öz çägine girmegini ret etmek ýa-da bolmak möhletini gysgaltmak, olaryň girip-çykmak, tranzit ýa-da bolmak düzgünlerine laýyklygyny barlamak hukugyny özünde saklaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistan i germanija obsudili sotrudnichestvo v sfere futbola THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Germaniýa futbol ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

risunok3 1712816347 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk, adam durmuşynyň iň gymmatly baýlygy

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop