Dark
Light
17.01.2026
i 10 THE ASHGABAT TIMES

Sport – saglygyň daýanjy

17.02.2025

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak barha meşhurlyk gazanýar. Şol bir wagtyň özünde, ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany bolan sport beýleki jemgyýetçilik özgertmeleri üçin hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmegiň jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagy tötänden däldir.

Ösen sport infrastrukturasynyň döredilmegi esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde onlarça iri ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary derejeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär.

Ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy.

Umuman, häzirki wagtda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir.

Sahragül GURBANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1569682877 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar

47f8dc7e5363d8d491363aa8800c6e21 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

Soňkylar Makalalar

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

15.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026
Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,
GitTop