Dark
Light
18.02.2026
aaaaaafa THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheriniň ekologik ösüş meseleleri

14.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan «akylly şäher» taslamasynyň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüş ýolunda hereket edýändigini bellemelidiris. Şähere berlen halkara şahadatnamalar we ýokary baýraklar munuň aýdyň tassyklamasydyr. Bellenilişi ýaly, «akylly» şäher düşünjesi häzirki zaman binagärlik we dizaýn ugurlary bilen jaý gurmagyň iň gowy milli däplerini öz içine alýar. Ekologiýa jähtlerini-de goşmak bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän işlenip düzülen toplumlaýyn infrastruktura ýaşaýjylar üçin ýaramlylyk we amatlylyk şertlerini döredýär. Aslynda, bu Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini görkezýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigat goragyna degişli esasy şertnamalar we tebigat goragyna dahylly çäreleriň netijeliligini üpjün edýän beýleki halkara resminamalar boýunça borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Şeýle hem şäheriň diňe bir ykdysadyýet we jemgyýetçilik babatynda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak pudagynda-da synag taslamalary we innowasiýalar üçin geljegi uly ýerlige öwrüldi.
Mundan başga-da, Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we howanyň gowulaşmagyna, biodürlüligiň goralmagyna we ýokarlanmagyna goşant goşýan tokaý zolaklarynyň döredilýär. Täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, «ýaşyl» ykdysadyýetiň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ilatyň öz ýurdumyzda öndürilen ekologik önümler bilen üpjün edilmegi, şeýle hem ýurduň ekologik howpsuzlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Gülendam ANNAÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

10032025 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

dfgf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Soňkylar Makalalar

ADAM ORGANIZIMINIŇ GEŇ GALDYRYJY FAKTLARY

17.02.2026
Adam organizmi medisina tehnologiýalarynyň ösen döwründe hem haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar biziň bedenimiziň üýtgeşik hasaplanýan täze aýratynlyklaryny açýarlar. Käbir üýtgeşik aýratynlyklary hakynda tanyş

BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI

17.02.2026
Radio uzak ýyllaryň dowamynda adamlara wakalaryň tiz we takyk beýan edilmegini üpjün edip geldi. Elektrik togy, internet ýa-da häzirki zaman tehnologiýalary elýeterli bolmadyk ýerlerde

Başlangyç synplarda kitaba söýgi döretmek

17.02.2026
Başlangyç synp döwri çaganyň diňe bir sowat öwrenýän däl, eýsem, onuň dünýägaraýşynyň, söz baýlygynyň we ruhy dünýäsiniň binýadynyň tutulýan döwrüdir. Bu döwürde çaganyň kitaba

Türkmen diplomatiýasy – parahatçylygyň binýady

17.02.2026
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — bu diňe bir döwlet gullukçylarynyň baýramy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň dünýä sahypasyndaky parahatçylyk dörediji hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Her ýylyň

Sanly bilim – ösüşiň açary

17.02.2026
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim syýasaty halkymyzyň ruhy ýörelgelerini kämilleşdirmegiň, ýaş nesli hemmetaraplaýyn sagdyn we kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegiň kuwwatly guralyna öwrüldi. Bu ulgam döwletimiziň
GitTop