2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginde Gruziýanyň beren goldawyna Türkmenistan uly baha berýändigi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli ösmeginiň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary derejedäki saparlaryň orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasynda özara düşünişmekligi we ynamy, döredijilikli hyzmatdaşlygy alyp barmakda wajyp gurallarynyň biri bolup durýan parlamentara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine gyzyklanma bildirdiler.
GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Soňkylar Habar
«Kompozitor» atly film Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy
«Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de
Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlandy
Düýn – 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda bolýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan
Ýaremezançy çagalar aýlanyp başlady
Mübärek Oraza aýynyň golaýlaşmagy bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde gadymy we şadyýan däplerimiziň biri bolan Ýaremezan aýdymlary gaýtadan belentden ýaňlanyp başlady. Agşamara goňşy-golamlaryň gapysynda ýygnanan
Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary gowşuryldy
Şu gün — 16-njy fewralda Bitaraplyk şäherçesiniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyny 1 million amerikan dollar