Menim adym Deniz Nakyp, Kerküklü Yrak Türkmeni. Ankara Uniwersitetiniň Žurnalistika bölüminde okaýaryn. Hytaý Halk Respublikasynyň guran “Looking China 2025” dokumental film taslamasyna çagyryldym. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan režisýorlar bilen bilelikde her birimiz bir mowzuk boýunça 18 gün dowam eden dokumental film taýýarlamak prosesine boldyk. Ölkämi we Türkmen kimligimi ilkinji gezek wekilçilik etmek mümkinçiligine eýe bolmak maňa uly buýsanç getirdi. Mundan başga-da, daşary ýurtly dostlarym bilen her pursatda bu babatda gürrüň edip durdum.

Men hem taryhy taýdan, hem-de Gündogardan Günbatara çenli giň gerimli medeni ähmiýeti sebäpli, tüssäniň (tütsü) taryhyny we ähmiýetini ele aldym.
Bu mowzugy dokumental filmimde nähili beýan etjekdigim barada gözleg geçirýän mahalym, internetde tüssä degişli dürli maglumatlaryň gaty dagynyk we tapmagyň kyn bolup durýandygyny gördüm. Şonuň üçin özüm-özüme şeýle sorag berdim: “Hemmesini bitewi ýagdaýa getirmelidirin, şonda berjek mesajym has düşnükli we anyk bolar.”
Bizi Jiulong Agilawood ýörite muzeýinde myhman eden we dokumental filmimize gatnaşan jenap Ling Kun bilen gaty gyzykly we hoş owazly pursatlary başdan geçirdik. Ol, maşgalasyndan geçen tütsü saklaýyş däbini öz şahsy garaýyşlary we batyrgaý häsiýeti bilen birleşdirip has ýokary derejä çykarypdyr. Dokumental film surata düşürilýän döwürde we ondan öň ol maňa dürli tütsü görnüşlerini tanyşdyrdy hem-de tütsü taýaklarynyň nähili ýasalýandygy boýunça ýörite ussatlyk sapagy (workshop) gurnady.

Şeýle-de, taslamamda maňa guramaçylyk we terjimeler ýaly ähli meselelerde goldaw beren önümçiligimiň ýolbaşçysy Ling Zixun bilen ajaýyp dostluk baglanyşygymyz boldy. Häzir biz dogan ýaly ýakyn dost.