Top.Mail.Ru
df0dhkygidsc9zihcm8ikrhjvr2h3esxkzysfzvz scaled THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ GRUZIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

24.04.2025

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň bilen Gruziýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin bu ýurduň paýtagty Tbilisi şäherine iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan ygtybarly gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň esasynda goldamak maksady bilen, Parlamentleriň arasynda guralýan ikitaraplaýyn saparlaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyny hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

Taraplar geljekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:40 am, Jun 19, 2025
temperature icon 28°C
пасмурно
Humidity 39 %
Pressure 1011 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 5:43 am
Sunset Sunset: 8:31 pm
yft4trtyokahzrziffwktjhgbfhyeumgujdahoou THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisinde Horwatiýanyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

jvhejbfhcskkb9o8olotayxw8gmmyw269naoknzo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ GRUZIÝA-TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Soňkylar Habar

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy

19.06.2025
Düýn, 18-nji iýunda türkmen paýtagtynda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Oňa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan,

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» işe girizildi

18.06.2025
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gije-gündiz işleýän taksi çagyrmak hyzmaty işe başlady. Bu başlangyjy «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi «Awtomobil Ulag Hyzmaty» AGPJ bilen bilelikde amala aşyrdy.

Rimden 25 medal!

18.06.2025
Şu ýylyň 13 — 15-nji iýunynda Italiýanyň Rim şäherinde jiu-jitsu boýunça Ortaýer deňziniň açyk gran-pri ýaryşy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, özleriniň üstünlikli
GitTop