Dark
Light
10.06.2026
photo 2025 05 27 11 14 23 THE ASHGABAT TIMES

Boris Borowik – Türkmenistanyň zenan futbol ýygyndysynyň täze baş tälimçisi

27.05.2025

Borowik 2026-njy ýylyň Aziýa Kubogy üçin saýlama ýaryşa milli ýygyndyny taýýarlamaga başlar. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde, türkmen futbolçy zenanlar “C” toparynda Mýanma, Bahreýn we Bangladeş bilen bäsleşerler. Toparlaýyn duşuşyklaryň ählisi Mýanmanyň çäginde geçiriler.

Saýlama ýaryş şu ýylyň 23-nji iýunyndan 5-nji iýul aralygynda meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy marta çenli Awstraliýada geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna toparlaýyn ýaryşyň ýeňijileri gatnaşar.

Borowik bu wezipede 2019-njy ýyldan bäri ýygyndyny dolandyran Kamil Mingazowyň ornuny aldy. Mingazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň zenan futbol ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek CAFA-2022 çempionatynda çykyş etdi we 2022-nji ýylyň awgustynda FIFA-nyň resmi reýtingine girmegi başardy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

photo 2025 05 26 12 26 01 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tailandyň WHA logistika we emläk topary Wýetnamda iki senagat seýilgähini gurmagy meýilleşdirýär

photo 2025 05 27 11 20 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Namangan Gülden Festiwaly: Sebit we halkara syýahatçylaryň ünsüni çekýär

Soňkylar Sport

Germaniýadan 9 medal!

29.05.2026
Golaýda Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Bu bäsleşikde ildeşlerimiz 9 medal gazanmagy başardylar. Bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri

Dünýä kubogyndan 7 medal!

15.04.2026
Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Sanjarbek Awazberdiýew özüniň halkara ýaryşlardaky gazanan üstünliklerine sambo boýunça Dünýä kubogynyň altyn medalyny hem goşdy. Ermenistanyň paýtagty Ýerewan
GitTop