Top.Mail.Ru
img 20250513 172248 THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä Weterinariýa güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat Arkadag şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi

14.05.2025

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Bütindünýä Weterinariýa güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýurdumyzyň atçylyk we weterinariýa ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolan giň gerimli ylmy-usuly maslahat geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Oba hojalyk mallaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek» atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi.

Bu ylmy-usuly maslahatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň tejribeli mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy, weterinariýa ulgamynyň tejribeli hünärmeni Arslan Soltanmyradow örän mazmunly we ylmy taýdan esaslandyrylan çykyş bilen çykyş etdi. Onuň «Weterinariýanyň ösüşi – döwletiň durnukly ösüşiniň, azyk howpsuzlygynyň we jemgyýetiň abadançylygynyň beýik binýady: ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş ulgamyny kämilleşdirmegiň ylmy, usuly we syýasy esaslary» atly çykyşynda häzirki döwürde ýurdumyzyň weterinariýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de döwletiň bu ugurda alyp barýan oýlanyşykly syýasaty giňden beýan edildi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, şol sanda weterinariýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, hünärmenleriň ylym bilen bagly işjeňliginiň artdyrylmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň maldarçylyk önümleriniň ýokary hilli we howpsuz ýagdaýda ilata ýetirilmegini üpjün edýär.

Maslahatyň dowamynda weterinariýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde weterinariýanyň orny barada, şeýle hem mallaryň saglygyny goramak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, şeýle-de bu ugurda ylmy esasda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça çykyş eden tejribeli mugallymlar dürli ugurlar boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, tejribelerini giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:26 am, Jun 13, 2025
temperature icon 27°C
ясно
Humidity 35 %
Pressure 1011 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 10 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 5:43 am
Sunset Sunset: 8:29 pm
13 05pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy

powerpointogimage THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Power Point programmasy bilen tanyşlyk

Soňkylar Habar

Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady

11.06.2025
Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda  «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu iri
GitTop