Sungat diňe bir gözellik däl, eýsem adamlaryň içinde bar bolan duýgulary we pikirleri açyp görkezmek üçin ajaýyp serişdedir.

Gizem Aytaç, Türkiýe Döwletiniň Elazyg şäherinde ýaşaýar we kompýuter inženeridir. Öz ussatlygy bilen halka tanalan Gizem Aytaç sungat ýoluna nädip başlanlygy barada “THE ASHGABAT TIMES” habar portalynda düýgusyny paýlaşýar
“Sungata bolan gyzyklanma kiçi ýaşymdan bäri bardy. Kakamyň kagyza bir zatlar çyzýandygyny, halaýan filmlerindäki gahrymanlary ajaýyp suratlandyrýandygyny ýadymda saklaýaryn. Ol çyzanda elini we galamyny seresaplylyk bilen gözden geçirip, bir burçda syn ederdim. Ýöne kakam professional çyzgyçy däldi, gaty iş bilen meşgul bolýardy. Men hem okuwda başarjaň talypdym we derslerime üns bermekden çyzmaga wagtym bolmazdy.
Surat bilen baglanyşykly hiç hili bilim almadym. Pandemiýa döwründe bolsa iş durmuşymy gysga wagtlyk saklap, sungata has içgin aralaşdym. Şol döwürde ruhlandyryjy pursatlar bolup geçdi. Halynyň işi bilen meşgullanýan bir firma maňa sargyt bilen ýüz tutdy. Ilkibaşda muny edip bilmejekdigime gaty howatyrlanam. Dogrusy, başarmajagymy we halyny bozar öýtdüm. Ýöne sungat eserleri döredýän beýleki suratkeşlerden maglumat alanymdan soň, has ynamly boldum.
Suratlar üçin belli bir haly dokumasyny ýa-da nagyşlary saýlamaýaryn. Reňkleriň sazlaşygy meniň üçin örän möhüm. Şonuň üçin her bir eseriň özboluşly bolmagyny gazanmak maksady bilen seresaply çemeleşýärin. Şahsy sargytlarda aýratyn üns berýärin.
Sungaty başgalara ýetirmek, uzak we kiçi şäherden köp adamyň kalbyna täsir etmek meniň üçin örän buýsandyryjy. Şeýle-de bolsa, sungatyň sosial mediada nähili kabul edilýändigine hem üns bermek möhümdir. Sungatymy tebigy we içgin görkezmek, söwda maksadyny birneme ikinji orunda goýmak meniň prinsipimdir.
Meşhur şahsyýetleriň we halk tarapyndan halanýan artistleriň halynyň üstüne şekillendirilmegi meniň üçin aýratyn lezzetli. Sungatymyň üsti bilen ynsanlaryň duýgularyna täsir etmek, olara özboluşly gözellik bermek meniň işime höwes berýär.”


