Top.Mail.Ru
THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-Saud Parlamentara dostluk toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi

12.05.2025

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmen-Saud Parlamentara dostluk toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisine gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy däplere ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda özara garaýyşlaryny beýan etdiler. 

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş Maksatnamasy we onda meýilleşdirilen maksatlar bilen tanyşdyryldy we iki ýurduň arasyndaky dostlukly parlamentara gatnaşyklaryň uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:55 am, Jun 13, 2025
temperature icon 27°C
ясно
Humidity 36 %
Pressure 1011 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 5:43 am
Sunset Sunset: 8:29 pm
dsgssaz 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Gizem Aytaç” Sungata bolan höwesim we ýolum

12052025 0001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady

11.06.2025
Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda  «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu iri
GitTop