Ýewropa Bileleşigi ýarymgeçiriji senagata uly maýa goýmalydyr we munuň üçin aýratyn býujet bölümi döredilmelidir. Bu baradaky teklibi sebitde senagatynyň esasy wekillerinden biri bolan SEMI birleşigi öňe sürdi.
Häzirki wagtda ÝB 2028-2034-nji ýyllar üçin býujet ileri tutulmalaryny ara alyp maslahatlaşýar. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropada mikroçip önümçiliginiň ösüş strategiýasynyň täze tapgyry bolan “Çip Kanuny 2.0” ideýasynyň goldawy barha artýar.
SEMI Ýewropa komissiýasyna poluprowodnik senagatynyň ösüşi üçin iň az 20 milliard ýewro goýbermegi teklip etdi. Olaryň hasaplamasyna görä, bu, hususy kompaniýalar we döwlet guramalary bilen umumy maýa goýumlarynyň 260 milliard ýewrodan geçmegine sebäp bolup biler.
Häzirki wagtda Ýewropa komissiýasynyň “European Chips Act” başlangyjyna goşan maliýe goşandy diňe 4,5 milliard ýewro bolup, umumy 43 milliard ýewro fondynyň içinde ýer alýar. Bu serişdeleriň 80%-i ÝB-nyň agza ýurtlary tarapyndan üpjün edilýär.
SEMI birleşigi milli başlangyçlaryň tapawutly şertleri döredýändigini nygtaýar we umumy Ýewropa býujeti pudagyň dürli regionlardaky deňagramly ösüşine kömek ederdi diýip belleýär.
Has takyk aýdylanda, dokumentde emeli aň we kwant tehnologiýalary üçin öňdebaryjy çip önümçilikleriniň ýetmezçiligi barada aýratyn üns berilýär.