Dark
Light
08.03.2026
bas THE ASHGABAT TIMES

Dokma pudagynda täze gözýetimler

14.06.2025

Dokma önümleri, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde-de öz gymmatyny gaçyrmaýan, gaýtam, barha sungat derejesine göterilýän harytlara öwrülýär. Olaryň dünýä bazaryndaky ähmiýeti hem barha artyp, moda sungaty bilen gyradeň, yzygiderli hem baglanyşykly ösüş ulgamyny kemala getirýär. Has takygy, şu günki gün moda dünýäsi dokma önümçiligine Ýer ýüzünde artýan islegleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär diýip bolar.

Paýtagtymyzda 11 — 13-nji iýun aralygynda geçirilen «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka bu aýdanlarymyzyň aýdyň şöhlelenmesidir. Halkara dokma sergi-ýarmarkasy köpugurly häsiýete eýe bolup, onda dokma önümleri, önümçilik enjamlary, moda sungaty, dizaýnerlik çözgütleri, işewürlik ýaly özara baglanyşykly, şol bir wagtda-da özbaşdak ugurlar giňden beýanyny tapdy. Gözden geçirilişiň uly ähmiýete eýe bolandygyny oňa dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle hem meşhur dizaýnerleriň gatnaşandygyndan hem görmek bolýar. Olary ýerli dokma senagatynyň depginli ösüşi hem-de milli lybaslarymyzyň gözelligi gyzyklandyrýar. Ýeri gelende, nepis halylarymyzyň, keşdeçiligimiziň, ýüpek önümçiligimiziň, arassa pagtadan öndürilýän önümlerimiziň, jinslerimiziň bütin dünýäde iň meşhur harytlaryň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.

Üç günläp dowam eden sergi-ýarmarkada gurnalan 100-den gowrak pawilýonda tanyşdyrylan harytlar we hyzmatlar işewürlik üçin mümkinçilikleri açan bolsa, çäräniň çäklerinde geçirilen ýerli we daşary ýurtly dizaýnerleriň moda görkezilişleri, ussatlyk sapaklary dokma önümleriniň zenan gözelliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde sungat derejesine ýetirilendigini äşgär edýär. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, gözden geçirilişde türkmen we daşary ýurtly dizaýnerler, bilermenler ussatlyk sapaklary bilen çykyş etdiler. Sergi-ýarmarkanyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy.

Aýgül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 17 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy

caga owrediji oyun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nesil terbiýesiniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Zenan – mukaddes ojagyň goragçysy

07.03.2026
Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Çünki zenan — mukaddes ojagyň goragçysy. Onuň yhlasy, wepalylygy bilen abadan ýaşaýyş dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň

Zenan diýmek dünýedir

06.03.2026
Şu günlerde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp dabaralar, sergiler, baýramçylyk konsertleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Olarda täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny

Zenan sarpasynyň nusgasy

06.03.2026
Bosagada – Halkara zenanlar güni. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi — iň kämil eser»

Zenanlaryň bagtyýarlygy – döwletiň abadançylygy

06.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Şu jähetden, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.
GitTop