Dark
Light
24.01.2026
rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES

Lukmançylyk biliminde rus diliniň ähmiýeti

19.06.2025

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň orny barha artýar. Hususan-da, lukmançylyk ýaly jogapkärçilikli we halkara derejesinde yzygiderli ösüş talap edýän ugurda daşary ýurt dilini bilmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şol dilleriň hatarynda rus dili möhüm orun eýeleýär.

Rus dili diňe bir giň dil giňişliginde ulanylýan aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, lukmançylyk boýunça dünýä tejribesini özünde jemleýän baý dil hem bolup durýar. Ýewraziýa giňişligindäki ýurtlaryň köpüsinde rus dilinde çap edilýän ylmy edebiýatlaryň, kliniki gollanmalaryň sany örän köpdür. Şeýle çärelerde gatnaşmak, häzirki zaman lukmançylyk bilimlerinden habardar bolmak üçin rus dilini bilmek zerur şertleriň biri bolup durýar.

Şular bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dünýä dilleri kafedrasynda rus dili sapaklary häzirki zaman pedagogik çemeleşmeleri esasynda alnyp barylýar. Okuwlaryň gurluşy diňe bir dil endiklerini ösdürmäge gönükdirilmän, eýsem, talyplaryň hünär aýratynlyklaryna laýyklykda işlenip düzülýär. Şunda sapaklarda multimediýa serişdeleri, interaktiw testler we wideo-simulýasiýalar arkaly okuw işi has täsirli we manyly görnüşde geçirilýär. Bu bolsa talyplaryň diňlemek, okamak, ýazmak we geplemek başarnyklaryny deň derejede ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Uniwersitetimizde yzygiderli geçirilýän halkara forumlar, olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar talyplara öz ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu çärelerde rus dilinde çykyş etmek, makala ýazmak, diňleýjiniň öňünde pikirini beýan etmek ýaly başarnyklar ösdürilýär. Şeýle çäreler, bir tarapdan, talyplaryň dil endiklerini kämilleşdirse, beýleki tarapdan, olaryň geljekde halkara ylmy giňişliginde işjeň gatnaşyjy bolmagyna mümkinçilik döredýär.

Rus dili ― diňe bir daşary ýurt dili hökmünde däl, eýsem, lukmançylyk boýunça halkara tejribäniň, ylmy maglumatlaryň we hyzmatdaşlygyň bir bölegi hökmünde seredilmelidir. Ony netijeli öwretmek we öwrenmek bilen, geljekki lukmanlaryň dünýä bilen baglanyşykly, giň gözýetimli hünärmenler hökmünde ýetişmegine uly goşant goşup bileris.

Göwher GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cagajyklar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ça­ga­laryň dynç alyş möwsümi

11 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop