i 17 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy

14.06.2025

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsaan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň edim-gylymlaryny özünde jemleýär. Özüniň çuňlugy, köptaraplylygy, gözýetmez giňligi bilen dünýä ýüzünde tanalýan Magtymguly atamyzyň döredijiliginde türkmen zenanlarynyň waspy, gylyk-häsiýetleri baradaky tema hem, okyjyny bada-bat özüne çekýär.

Akyldar şahyr zenan maşgalanyň ýanýoldaşyna, onuň dogan-garyndaşlaryna edýän hyzmaty, güler ýüzi, ajaýyp gylyk-häsiýeti bilen bir hatarda, diliniň süýji bolmalydygyny hem belleýär. Bu häsiýetler öz nobatynda, ýigit üçin tükenmez döwlet, bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Aslynda gelin-gyzlarymyzy bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetler bar. Edep, ekram, asyllylyk, mähribanlyk ýaly häsiýetler öz gözbaşyny türkmen enesinden alyp gaýdýan bolsa, bu akaba biziň şu günlerimize çenli dowamat-dowam bolýar. Her bir adamda bolşy ýaly, Magtymgulynyň hem dünýägaraýşy öz gözbaşyny jemgyýet gurluşyndan, alan terbiýesinden, okan ylmyndan we biliminden alýar. Şonuň üçin-de, zenan gözelligi diýlende, ilkinji nobatda, şahyrymyz zenanlaryň edep-ekramyny, terbiýesini göz öňünde tutýar.

Akyldar şahyrymyzyň yşky lirikasynyň belli bir böleginiň zenan gözelliginiň waspyny edýän şygyrlardan ybaratdygy hemmämize mälimdir. Ýeri gelende aýtsak, şahyr gözel görküň, zyban çekilen owadanlygyň gadyr-gymmatyna sarpa goýulmagynyň tarapdary bolmak bilen, özüniň şygra durmuşy äheň bermek ýörelgesine bu babatda hem wepaly bolup galýar. Magtymgulynyň “Durasyň geler” diýen goşgusy bolsa, gelin-gyzlar barada söz açyp, olaryň gylyk-häsiýeti bilen bagly meseläni öňe sürýär. 

Şygryň ilkinji bendinde:
Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, ekramly, mylaýym zada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler

diýmek bilen, gözelleriň owadanlygynyň, emma gözeli ähli gözellerden zyýada edip görkezýän zadyň onuň gylyk-häsiýetidigini nygtaýar. Magtymguly gyz-gelinleriň uly hormata, päk söýgä we öwgä mynasypdygyny aýratyn belläp geçýär. Şahyryň yşk, söýgi, gelin-gyzlar temasyndan ýazan şygyrlarynda üns berýän meseleleriniň ýene biri-de hoşsözlülik, hoşgylawlylyk bolup durýar. Magtymguly gyz-gelinleriň mydama erkekleriň şatlygyny-gaýgysyny deň paýlaşýan syrdaşy bolmalydygyny belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gündogaryň şamçyragy, türkmeniň göz guwanjy Magtymgulynyň eserleriniň birnäçe gezek türkmen we dünýäniň dürli dillerinde çap edilmegi oňa aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Magtymguly atamyzyň bize galdyran döredijilik mirasy bütindünýä jemgyýetçiliginiň, ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýär. Onuň hem sebäbi, Magtymguly tutuş adamzat ahlagyny özünde jemleýän tebigy päkligi wasp eden adam bolmagyndadyr. Bu päklige düşünen her bir ynsan milletine, diline, däp-dessuryna, dinine garamazdan, Magtymgulyny ykrar edýär. Onuň sözlerini diline sena edinýär. Özüni Magtymgulynyň döredijiliginiň içinde göresi gelýär. Magtymgulyny hut öz hossary hasaplaýar, onuň döredijiliginde özüni gyzyklandyrýan soraglara jogap tapan ynsanlar ussady öz ýakyny hökmünde kabul edýärler.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alýan, türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Bahar ANNABERDIÝEWA
Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sdag THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomus möwsüminde taplama çäreleriniň ähmiýeti

bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dokma pudagynda täze gözýetimler

Soňkylar Makalalar

Parahatçylyk we dostluk – iň uly gymmatlyk

12.07.2025
Taryhyň ähli döwürlerinde parahatçylyk we dostluk iň uly gymmatlyk hasaplanypdyr. Türkmen topragy bolsa hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr. Häzirki wagtda

Hazaryň kenaryndaky döwletli maslahat

11.07.2025
Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamany kabul

Ähli döwürleriň baýlygy

11.07.2025
Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýlişi ýaly, ylym ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her
GitTop