Dark
Light
10.06.2026
caga owrediji oyun THE ASHGABAT TIMES

Nesil terbiýesiniň ähmiýeti

16.06.2025

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp, bu babatynda degişli işler dowamly durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biziň çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, bilimli bolmagy üçin ençeme işler alnyp barylýar.

Körpelere okatmagyň täze usullaryndan ugur alnyp, şeýle hem dürli görkezme esbaplaryndan peýdalanylyp döwrebap bilim berilýär. Çaganyň aňyna çalt täsir etmek maksady bilen olar dürli oýunlaryň üsti bilen sapak geçýärler. Ýurdumyzdaky her bir geçirilýän baýramçylyklarda bolsa, terbiýeçilerimiz körpeleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olaryň irginsiz yhlasy bilen çagalarymyz etrap, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.

Çagalaryň sagdyn ösmegi, irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň gazanylmagy, milli ruhda terbiýelenmegi babatda köpçülikleýin işlere, çärelere, köpugurly bäsleşiklere taýýarlanmak hem esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Şunda çagalar bakja-bagymyzda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribelerini artdyrmak maksady bilen usuly sagatlary, pedagogik geňeşleri has-da mazmunly we netijeli guramaga üns berilýär.

Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda edilýän aladalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biz hem şeýle buýsançly döwürde milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly we netijeli zähmet çekmäge, körpe nesillerimizi hakyky manysynda terbiýelemäge we sowat öwretmäge çalyşýarys. Ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli, pedagogik işgärleriň has-da kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Jahan BEGMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dokma pudagynda täze gözýetimler

medeniyet we sungat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçiriler

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop