Dark
Light
12.08.2026
dsc 2337 THE ASHGABAT TIMES

Özbegistanly talyplar Türkmenistanda tejribelik geçýärler

27.06.2025

Bu barada 25-nji iýunda Türkmenistanyň bilim ministri bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň duşuşygynda aýdylyp, 25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde bu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Onuň çäklerinde guralýan tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň 2-si, talyplarynyň 15-si ýurdumyza geldi.

111 THE ASHGABAT TIMES

Saparyň ilkinji güni myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdyryldy. Tejribelik maksatnamasynyň çäginde olaryň umumy okuwlara gatnaşmaklary, ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp görmekleri hem meýilleşdirildi. Myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy-da taýýarlanyldy, onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine hem baryp görerler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oguz han film THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tä­ze film – Medeniýet hepdeligine sowgat

risunok3 1712816347 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk – esasy baýlyk

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop