Dark
Light
19.07.2026
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

28.06.2025

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk  ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň halkara bileleşiginde giňden goldanylyp, şu ýylymyzyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesi bilen öz mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy waka bolan bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslener. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň işgärleriň işi boýunça hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap 02 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – dostluk mukamy

ila 6715 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýetiň we sungatyň toýy

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop