Dark
Light
12.08.2026
oguz han film THE ASHGABAT TIMES

Tä­ze film – Medeniýet hepdeligine sowgat

27.06.2025

Medeniýet hepdeliginiň çäginde tomaşaçylara hödürlenen «Parahatlyk aýdymy» atly täze film ildeşlerimiz üçin baýramçylyk sowgady bolup, türkmen kino sungatynyň baýlaşmagyna özboluşly goşantdyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredilen gysga göwrümli çeper filmde döwletimiziň dünýäde dabaralandyrýan parahatçylyk ýörelgeleri beýan edilýär. Şyhmämmet Mollaýewiň režissýorlygynda surata düşürilen bu çeper filmiň edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň galamyna degişli. Filmiň döredilmeginde goýujy kinooperator Baýram Garlyýewiň, goýujy suratkeş Baýram Patyşagulyýewiň, kompozitor Derkar Jelilowyň we beýlekileriň hem hyzmatlary uludyr.

«Parahatlyk aýdymy» atly film parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan garlawaçdyr kepderiler bilen bagly birnäçe gyzykly wakalary özünde jemleýär. Filmiň baş gahrymany Myrat Türkmenistanyň Gahrymany, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden, garlawaçlaryň şekili ýerleşdirilen «Erkanalyk binasynyň» özboluşly kiçi görnüşini ýasap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolýar. Ýeri gelende aýtsak, baş gahryman Myrat — Kakageldi Patdykow Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup, Saragt Babaýewiň şägirtleriniň biridir. Filmiň ahyrynda baş gahrymanlaryň biri Laçynyň keşbini janlandyrýan, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Oguljahan Meretdurdyýewanyň «Parahatlyk aýdymyny» joşgunly ýerine ýetirmegi bu kino eserinde özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

masgala THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maşgala mukaddesligi zenan mertebesidir

dsc 2337 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özbegistanly talyplar Türkmenistanda tejribelik geçýärler

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop