Dark
Light
09.08.2026
logist THE ASHGABAT TIMES

Ulag we aragatnaşyk pudagynda uly ösüşler

13.06.2025

Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek şu günüň wajyp wezipesidir. Şunda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. 

Multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglaryny, port düzümlerini ösdürmek we goldamak üçin Türkmenistan döwlet bilen hususy pudagyň özara hyzmatdaşlygyny has-da ilerledýär. Bu ulgama maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alnyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. 

Demir ýol ulagy pudagynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Ulagyň bu görnüşiniň uzak aralyga köp möçberde ýük daşamakda esasy orny eýeleýändigi bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň kämilleşdirilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy hem-de iri ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýär.  Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemäge, demir ýoluň hereket düzümlerinden netijeli peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we howpsuzlyk mümkinçiliklerini hödürlemäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge degişlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde howa ulagy pudagynda-da halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri guruldy. Milli awiasiýa parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge şertleri döredýär.  Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak, tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Jennet BATYROWA
Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly tehnologiýa – ösüşiň ygtybarly binýady

i 16 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmeniň uçar ganaty – bedew atlary

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop