Dark
Light
19.07.2026
lldc3 app banner THE ASHGABAT TIMES

Awaza forumy internet giňişliginde

28.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere seredilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň synag maksatly işe girizilendigi habar berildi. Bu saýt www.lldc3.gov.tm internet salgysy arkaly elýeterlidir.

Halkara forumyň internet saýty üç dilde ― türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylýar. Saýtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, şu gezekki halkara forumyň işi barada maglumatlar berilýär, şeýle hem onuň esasy çäreleriniň meýilnamalary ýerleşdirilendir. Şunda bu forumyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, olaryň goňşulary ― üstaşyr geçiriji döwletler üçin maslahatdygy nygtalýar. Şeýle hem maslahata hökümetara guramalaryň, halkara maliýe edaralarynyň we beýleki halkara institutlaryň, sebitleýin toparlaryň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň we agentlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, akademiki edaralaryň we ylmy bileleşikleriň, hususy işewürleriň, haýyr-sahawat guramalarynyň, ýaşlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşyp biljekdigi beýan edilýär.

Halkara foruma näçe günüň, näçe sagadyň, hatda näçe minudyň galandygynyň baş sahypada görkezilmegi saýtyň esasy üns berilmeli aýratynlygydyr. Mundan başga-da, saýtda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berlip, forumyň geçjek ýeriniň geografik kartasy hem ýerleşdirilendir.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: täzeçil çözgütler, möhüm teklipler

awaza kenar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop