Dark
Light
19.07.2026
awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: täzeçil çözgütler, möhüm teklipler

28.07.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülip, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy şöhratly wakalara taryhy dereje berýär.

Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder. Şu jähetden, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda guraljak maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Şeýle möhüm ähmiýetli forumlarda Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça halkara derejede alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerlemegine, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gatnaşyklary guramakda täzeçil, netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga itergi berýär, halkara guramalaryň we döwletleriň gatnaşmagynda ählumumy we sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Maslahatyň geçiriljek ýeri hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki Merkezi Aziýada strategik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz Hazar deňzi arkaly dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Arzuw ÝARAŞJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza emblem THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: ählumumy tagallalary birleşdirip

lldc3 app banner THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumy internet giňişliginde

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop