Dark
Light
15.07.2026
italiya rim dususygy THE ASHGABAT TIMES

Italiýanyň geografik we ykdysady aýratynlyklary

31.10.2025

Özara hormata, mizemez ynama esaslanýan türkmen-italýan gatnaşyklary bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen belent sepgitleri nazarlaýar. Munuň şeýledigini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler, gazanylan ylalaşyklar hem tassyklaýar. Biz hem Italiýanyň geografik aýratynlyklary we ykdysady ösüşleri barada okyjylara ýetirmek isledik.

Italiýa Günorta Ýewropada, Appennin ýarymadasynda, Ortaýer deňziniň ortasynda ýerleşen döwletdir. Oňa Sisiliýa, Sardiniýa we birnäçe ownuk adalar degişlidir. Alp daglarynyň günorta gerişleri, belli Wezuwiý, Etna wulkanlary Italiýadadyr. Tutýan meýdany 301 230 kwadrat kilometre barabardyr. Geografik ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýan Italiýa döwleti ýokary derejede ösen bazar ykdysadyýetine eýedir. Dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň sanawynyň ilkinji onlugyna girýän Italiýanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini hyzmatlar we önümçilik pudaklary tutýar. Mundan başga-da, syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar.

Italiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedilik» (G7) we «Uly ýigrimilik» (G20) toparlarynyň agzasy, senagat taýdan ösen, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ykdysadyýetiniň möçberi Ýewropa giňişliginde 3-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly dünýäde 9-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde giňden bilinýär. Italiýa meşhur moda brendleriniň we pizzanyň watanydyr. Meşhur moda brendli harytlary öndürýän TOP-100 kompaniýasynyň 24-si Italiýa degişli bolup, dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Şol kompaniýalaryň üçden iki bölegi eşik we aýakgap pudagynda işleýär. Ýurt maşyngurluşygy, agajy gaýtadan işlemek, infrastruktura, senagat dizaýny, kosmetika, derman önümleri we beýleki möhüm pudaklarda dünýäde öňdebaryjydyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa, galyndylary gaýtadan işlemek, ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş çygyrlarynda Italiýanyň ýeten derejesi nusgalyk hasaplanýar. Sirkulýar ykdysadyýeti başlangyçlarynda täze işewürlik modellerini we gurluşlaryny, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara, ýerli önümçiliklere üns bermek bilen zerur infrastrukturany döretmeklige Italiýa uly ähmiýet berýär. Umuman, Italiýanyň «ykdysady gudratynyň» esasy açary onuň ylmyň gazananlaryna daýanmagydyr. Ol senagat taýdan ösen ýurtlardan ylmy açyşlaryň patentlerini we ygtyýarnamalaryny köpçülikleýin satyn aldy.

Italiýa dünýä bazaryna awtoulaglary, welosipedleri, mopedleri, traktorlary, kir ýuwujy enjamlary, sowadyjylary, dürli ýazyjy we hasaplaýjy, radioelektron enjamlaryny, polat turbalaryny, plastmass we himiýa süýümlerini, awtoulag tekerlerini, oba hojalyk we azyk önümlerini, egin-eşikleri, aýnadan we faýansdan ýasalan önümleri, aýakgaplary, himiýa we nebit-himiýa senagatynyň önümlerini iberýär. Italiýa oba hojalygy hem ösen döwlet. Ol dünýä bazarynda makaronlary, peýnirleri, zeýtun ýagy, çakyrlary, tomat we gök önüm konserwleri bilen meşhurdyr. Oba hojalygynda bugdaý, mekgejöwen, şaly esasy ekinler hasaplanýar.

Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

22 960x642 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat – ösüşiň, parahatçylygyň we medeniýetiň merjen paýtagty

italiya s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Italiýa: arheologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk

Soňkylar Makalalar

Elektron kitaphanalar – döwrüň talaby

14.07.2026
Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz

Üstünlik hemraňyz bolsun, hormatly dalaşgärler!

14.07.2026
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin

Hünärli nesil – ýurdumyzyň kuwwaty

14.07.2026
Bilim ulgamy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň esasy sütünleriniň biridir. Häzirki döwürde dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň we innowasion önümçiligiň çalt depginlerde ösmegi ýokary hünärli, döredijilikli we

Kitap – ylymlar dünýäsiniň altyn açary

13.07.2026
Kitap adama ylham eçilip, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Adamzat durmuşynyň ösmeginde, täze açyşlaryň edilmeginde kitaba uly orun degişlidir. Sebäbi kitap ylymlar dünýäsiniň altyn açaryny

Bedewiň owazy – bagtyň buşlugy

13.07.2026
Ýylyň ady halkyň göwnünden orun alanda, ol hakyky şygara öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyz
GitTop