Dark
Light
21.04.2026
sport umumy THE ASHGABAT TIMES

Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady

22.11.2025

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, saglygy goraýyş we sport ýaly ulgamlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Milli Liderimiz: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän mekdepleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşyk işleri alnyp barlanda zerur bolan sport düzüminiň bolmagy hökmany talapdyr.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda durnuklylygy üpjün etmek, sazlaşykly ösüşi gazanmak, halkyň saglygyny gorap saklamak maksady bilen, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar hem bina edildi.

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürip, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan giň gerimli işleri elmydama rowaç bolsun!

Firýuza JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň bedenterbiýe mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitaraplyk taze sur 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – türkmeniň ruhy taglymy

gazak baydak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop