Dark
Light
13.04.2026
yaslar ylym 780x470 bilim THE ASHGABAT TIMES

Bilim – täze açyşlara ruhlandyrýan güýç

18.11.2025

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda alnyp barylýan döwletli işler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Muny ýylyň-ýylyna ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ugurlaryndan alyp barýan ylmy işleriniň täzeçilligi hem-de netijeliligi bilen häsiýetlendirmek bolar.

Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegini talap edýär. Şu jähetden, bilim ulgamynyň barha çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar. Şu jähetden, ýurdumyzda bu ugurlary ösdürmekde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli alnyp barylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Biz — mugallymlar özümiz hakda edilýän hemmetaraplaýyn alada döredijilikli we yhlasly zähmetimiz bilen jogap berip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmelere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Berdimyrat ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

daskent forum s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypa

ddd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jemgyýetiň sagdynlygyny üçin edilýän aladalar

Soňkylar Makalalar

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

12.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar.

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil
GitTop