Dark
Light
21.04.2026
bitara parahat 1 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!

17.11.2025

Adamzat taryhy müňýyllyklaryň dowamynda beýik öwrülişikleri başdan geçirip, döwlet gurmakda ägirt uly syýasy tejribe toplady, dünýä ähmiýetli açyşlary ylma möhürledi. Muňa garamazdan, şol şöhratly taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem parahatlyk we ynanyşmak iň gymmatly, iň gadyrly düşünje bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň ähli ynsanlarynyň parahat durmuş baradaky arzuwlarynyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgeleri umumadamzat gymmatlygynyň binýatlyk esaslarydyr. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, halkara gatnaşyklarynyň mazmunyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip bellenilýär. 2025-nji ýylymyzyň şygary bolsa şeýle asylly ýörelgeleriň mynasyp dowamydyr.

Parahatçylyk ― adamzat kalbynyň ýaşaýyş şerti. Parahatçylyk diňe bir asuda ýaşaýyş däldir. Ol jemgyýetiň ösüşi, döredijiligi, medeniýetiň gülläp ösmegi üçin zerurlykdyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly meşhur goşgusynda: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr, // Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, // Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýlip bellenilýär.

Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini hem işjeň durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyz adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan jogapkärçilige doly düşünýär we bu babatda halkara kadalara kadalaryna esaslanýar. Umumadamzat gymmatlyklary we ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri biziň milli kanunçylygymyzda hem ileri tutulýar. Kabul edilýän kanunlar konstitusion kadalary aýdyňlaşdyrmak, demokratik ýörelgeleri giňeltmek, kepillendirilen hukuklary amala aşyrmak üçin şertleri döretmegiň hukuk kadalaryny berkidýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň kanuny esaslarynyň berkdigini we çuňňurdygyny alamatlandyrýar.

Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de milli diplomatiýamyzy ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mekan KÖMEKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň fizika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur

arkadag kitaplary THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop