Dark
Light
20.04.2026
img 20250210 140133 773 THE ASHGABAT TIMES

Gazagystan suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazynyň eksportyny 15% azaltdy

21.11.2025

Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda Gazagystan 507,2 müň tonna suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazyny (SUG) eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 89,4 müň tonna ýa-da 15% azdyr.

Eksportyň azalmagyna diňe bazar şertleri däl, eýsem administratiw çäreler hem sebäp boldy: oktýabr aýynda Gazagystanyň hökümeti suwuklandyrylan nebit gazynyň awtoulag we demir ýol arkaly eksportyna goýlan gadaganlygy ýene-de 6 aý uzaltdy.

Kontekst:

  • Gazagystan Merkezi Aziýada SUG öndürýän esasy ýurtlaryň biridir.
  • Eksporta girizilen çäklendirme içerki bazary üpjün etmek we bahalary durnuklaşdyrmak maksadyny göz öňünde tutýar.
  • Şeýle ýagdaý goňşy ýurtlaryň energetika balansyna täsir edip biler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

7e460c2ba77e83e22023f649b7d4d1c8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Meksikaly Fatima Bosch «Miss Universe – 2025» baýragyny gazandy

gus 01 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Guşlar – tebigatymyzyň bezegi

Soňkylar Dünýä habarlary

Günde iň ýokary derejeli partlama boldy

30.03.2026
Günde takmynan iki aýdan bäri ilkinji gezek iň ýokary klasa degişli bolan partlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar
GitTop