Dark
Light
06.03.2026
fut arkadag THE ASHGABAT TIMES

«Arkadag» topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

29.12.2025

«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurduň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdi. Final duşuşygynda «Ahal» topary bilen oýnan «Arkadag» topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny oýnuň 67-nji we 77-nji minutlarynda Şamämmet Hydyrow geçirdi. «Ahal» toparyndan Ýakupmuhammet Gowşudow (24-nji minut) tapawutlandy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» topary Kubok bäsleşiginde bassyr üçünji ýyl ýeňiş gazandy. Ýeri gelende bellesek, geçen iki möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň finalynda hut şu toparlar duşuşypdylar.

Final duşuşygynyň yzysüre Kubok bäsleşigine gatnaşyjylara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle-de ýurduň futbol çempionatyny birinji orunda tamamlan «Arkadag» toparynyň gazanan ýeňşi bilen bagly medallar gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mot THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Meşhur estrada ýyldyzy – «Mot» lakamly rus aýdymçysy Aşgabatda

images 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we ruhy mirasy

Soňkylar Habar

Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi açyldy

05.03.2026
Düýn ― 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisi açyldy. Bu sergide Döwlet çeperçilik

«Talyp gözeli – 2026» belli boldy

05.03.2026
Düýn – 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de
GitTop