Dark
Light
14.03.2026
asgabat watan saher asuda THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen öňe!

30.12.2025

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny emele getirýän ösüşler gazanyldy. Bosagada duran täze ýyl bolsa eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy belleniljek şanly ýyly şeýle buýsançly at bilen atlandyrmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararynyň kabul edilmegi ildeşlerimizde uly seslenme döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge we şolar boýunça tutuş ýyly şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär. 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp jümläniň 2026-njy ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagy tüýs ýerine düşen çözgüt boldy. «At — myrat» diýlişi ýaly, halkymyz bedewlerimiz bilen bilelikde döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ýoluny ynamly we okgunly dowam etdirýär.

Bosagada — 2026-njy ýyl, bedew ýyly! Dünýäde gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk iň ajaýyp bedewler — ahalteke atlary bolsa türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň üçin bedewlere söýgi halkymyzyň ganynda bar. Türkmenler üçin ahalteke bedewi ezizdir, arzyly gymmatlykdyr. Bedew bilen türkmeniň bagry badaşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň milli atçylyk we seýisçilik sungatyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek boýunça başyny başlan giň möçberli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda şowly çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolmagyna şanly ýylymyzyň milli, sebit we dünýä ähmiýetli işlerine özboluşly badalga hökmünde kabul edildi. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk ýubileýi astynda geçjek 2026-njy ýyl ýurdumyzyň zähmet üstünliklerini, uly gazananlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrar. Täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary-da şuňa delildir.

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

taze yyl sowgat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bir ömürlik sowgat

birja THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy

Soňkylar Makalalar

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

13.03.2026
XXI asyrda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertleriniň biri sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Sanly tehnologiýalar diňe bir işleriň netijeliligini artdyrman, eýsem döwrebap jemgyýetiň gurluşyny

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek şu ýylda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026
Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026
Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň
GitTop