Dark
Light
21.04.2026
cempi THE ASHGABAT TIMES

Boksuň Türkmenistandaky taryhynda dünýä çempionatynyň ilkinji medaly gazanyldy

20.12.2025

Türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Boks boýunça dünýä çempionatynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Halkara Boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda guralan bu abraýly ýaryş dünýä boksunyň iň iri çäreleriniň biri bolup, oňa 109 ýurtdan 428 türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri hem ringe çykyp, ýurdumyzyň sport abraýyny goradylar.

Baýramdurdynyň wekilçilik edýän agram derejesinde medallar ugrundaky göreşe 36 türgen goşuldy. Olaryň ählisi hem halkara giňişlikde tanalýan boksçulardyr. Ýeri gelende aýtsak, russiýaly boksçy kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medalyň eýesi gazagystanly Abylaýhan Žusupow boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyna üç türgen bilen gatnaşandygyny nygtamak gerek. Baýramdurdy Nurmuhammedow bilen birlikde, 60 kilograma çenli agram derejesinde Yhlas Gylyçjanow hem-de 92 kilograma çenli — aňrybaş agram derejesinde Döwlet Yslamow ringe çykdy. 

Şeýlelikde, türkmen boksçusy taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň medalyna mynasyp boldy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ulag transport THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulag hyzmatdaşlygy – ösüşiň hereketlendiriji güýji

ma yapon THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop