Dark
Light
16.07.2026
hakyda azer THE ASHGABAT TIMES

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseriniň azerbaýjan dilinde çap edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Milli Liderimiz eserinde türkmen topragynda ýaşap, yklymlaryň ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, soltanlardyr akyldarlar barada öz pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýär. Şu jähetden, bu kitap dostlukly döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň azerbaýjan diline terjime edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. 

Bu eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Şoňa görä-de, «Hakyda göwheri» atly kitabyň azerbaýjanly okyjylara ýetirilmegi halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşar. Kitapda Altyndepe, Marguş, Beýik Seljuk, Horezmşalar döwletleriniň ýakyn goňşulary bilen alyp baran syýasy, söwda gatnaşyklary barada gymmatly ylmy maglumatlar berilýär. Bu çeşmeler türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, özara düşünişmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň däplerini ýokary derejede saklap gelendigini görkezýär.

Kitap okyjylara türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, ahlak gymmatlyklary, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseriniň azerbaýjan diline terjime edilmegi Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm wakadyr.

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg un THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnamalar kabul edildi

bitarap kollazh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şöhratly taryhymyzyň şuglaly sahypalary

Soňkylar Makalalar

Ahalteke bedewleriniň şanyna

15.07.2026
2026-njy ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ýyl «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan –

Geňeşli il – döwletli il

15.07.2026
Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň

Elektron kitaphanalar – döwrüň talaby

14.07.2026
Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz

Üstünlik hemraňyz bolsun, hormatly dalaşgärler!

14.07.2026
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin

Bagtyýar geljege binýat

14.07.2026
Halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de sahawatlylyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň özenine öwrüldi. Häzirki wagtda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata
GitTop