Dark
Light
20.04.2026
bitara kita THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplygymyzyň kämil kelamy

18.12.2025

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köňül ylhamyndan, çuňňur paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitaby biz ― geljekki žurnalistler üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Çünki bu eserde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilip, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. Kitabyň bölümlerinde halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleri dogrusynda taryhy delilleriň üsti bilen gürrüň berilýär.

Parahatçylygy durmuşyň sazlaşygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz täze kitabynda «Bitaraplyk» düşünjesiniň taryhy köklerinden başlap, onuň ähmiýetini, dünýäde asudalygy pugtalandyrmakdaky ornuny giňişleýin açyp görkezýär. Parahatçylyk umman deý çuň, asman deý giň, daglar  deý belent manylary özünde jemleýär. Bu düşünje döwlet Baştutanymyzyň kitabynda şeýle beýan edilýär: «Parahatçylyk biziň şu günümizde ýerine ýetirmeli mukaddes wezipämizdir. Parahatçylyk geljege sowgadymyzyň iň gymmatlysydyr. Parahatçylyk türkmen siwilizasiýasynyň ýüregidir, onuň umumy maksadydyr, adamzat kalbynyň iň belent arzuwydyr».

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Geliň, bu parasatly ýoly — parahatçylyk ýoluny bilelikde dowam edeliň! Geliň, adamzadyň geljegini bilelikde guralyň! Geliň, dünýäniň her bir künjeginde parahatçylygy dabaralandyrmaga goşant goşalyň! Geliň, geljek nesillere, parahat dünýäni miras galdyralyň!» diýip, bütin adamzady asuda durmuşa, parahat ýaşaýşa çagyrýar. Bu bolsa biz ― ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.

Tumar GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – abadan ýaşaýyş

oba newnew THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba milli maksatnamasy: möhüm wezipeler we täze sepgitler

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop