Dark
Light
20.04.2026
saglygy gorr THE ASHGABAT TIMES

Il saglygy – ýurt baýlygy

18.12.2025

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarlardan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy, wezipelerimizi kesgitleýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gysga döwürde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň tutuş ulgamy döredildi. Şonuň netijesinde, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri ilatymyz üçin elýeterli boldy.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän köpugurly syýasatyň üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolup durýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejedäki ykrarnamasyna öwrüldi.

Durmuşda saglykdan gymmatly zat ýok. Ömrüň sapaly günlere beslenmegi, ýaşaýşyň ýakymly pursatlara eýlenmegi janyň saglygy, başyň rahatlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.

Aýjemal HOMMADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

madass THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi

yaslar sanly ulgam 25 new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop