Dark
Light
21.04.2026
oba newnew THE ASHGABAT TIMES

Oba milli maksatnamasy: möhüm wezipeler we täze sepgitler

18.12.2025

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň agrosenagat pudagyny döwrebap ösdürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýär. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, maldarçylyk önümleriniň möçberini artdyrmak ugrundaky tagallalar şeýle diýmäge esas berýär. Buýsandyrýan zatlaryň biri-de täze taryhy döwrümizde döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň yzygiderli açylyp, ulanylmaga berilýändigidir.

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda maldarçylyk pudagyny döwrebap esasda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmek işi ýerli howa şertlerini, ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berilýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi has-da guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Döwrebap maldarçylyk toplumynyň çäginde jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen bölümleriň üçüsiniň, 200 baş göle saklanýan bölümleriň ikisiniň, sagym bölüminiň, ot-iým meýdançasynyň, ýapyk görnüşli iým ammarynyň, şeýle-de toplumyň işini döwrebap usulda alyp barmak we mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin beýleki degişli desgalaryň bolmagy diýseň begendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitara kita THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplygymyzyň kämil kelamy

maldarcylyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm jähtleri

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop