Dark
Light
21.04.2026
bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – abadan ýaşaýyş

18.12.2025

Bitarap döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny işjeň ulanyp, bütin dünýäde dost-doganlygy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip belleýär. Şu jähetden, dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak, birek-birege ynanyşmak ýaly häsiýetler halkymyzyň milli ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol hökmünde ykrar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär.

Jemläp aýdanyňda, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýän halkara çäreler dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly ädimdir. Goý, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dil owren THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeleriň ähmiýeti

bitara kita THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplygymyzyň kämil kelamy

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop