Dark
Light
06.03.2026
020724 02 proekt THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we Ynanyşmak: Türkmenistanyň Belent Ýörelgesi

08.12.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara gatnaşyklaryň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň iň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli we strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. 1995-nji ýylda BMG-ä agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagy bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan ýurdumyz, geçen döwür içinde dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeledi. Ählumumy derejede howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandy netijesinde, Türkmenistanyň Bitaraplygy 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan ikinji gezek ykrar edildi.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän häzirki ýylynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek tassyklanmagy mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren hoşniýetli goňşuçylyk strategiýasynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatda gazanýan uly üstünlikleriniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň Türkmenistana bolan sarsmaz ynamyny aýdyň görkezýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak diňe bir syýasy düşünjeler bolman, eýsem olar adamzadyň abadan geljegini gurmagyň esasy gymmatlyklarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri, baý taryhy we ynsanperwerlik mekdebi giňişleýin beýan edilýär. Bu eserler häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň baş ýörelgesine öwrüldi.

Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dxwwbrpk1apsb1x1285ajqnkzro3jf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Latwiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

gazna emblem THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletinde saparda boldy

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop