Dark
Light
13.04.2026
sport cagasy THE ASHGABAT TIMES

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

18.12.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji günlerinde berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalar bilen ýetilýän belent sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy — sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa, has-da ýakymly. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň hem-de ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Eziz Diýarymyzda sport bilen muşgullanjak her bir adam üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerimizdir etraplarymyzda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, mekdepleri gurlup, türgenleriň hyzmatyna berildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Nurgül HAMRAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tm yapon THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady

img 4039 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen zenan emini Kristina Bersenyowa SEA Games 2025-de halkara futbol duşuşygynda kömekçi emin boldy

Soňkylar Makalalar

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

12.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar.

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil
GitTop