Dark
Light
06.03.2026
mig 7584 THE ASHGABAT TIMES

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025

Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy ýyla berýär. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Şanly ýylymyzyň jemleýji günlerinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda geçirilen halkara ders bäsleşikleriniň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamagy bolsa iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazyldy.

Şu günlerde ýurdumyzyň ähli künjegindeTäze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly konsertler geçirilýär. Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Ýakymly pursatlara beslenýän baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlaryň ruhubelentligini artdyrýar.

Goý, Täze, 2026-njy ýyl hem iň ýakymly duýgularyň, belent ösüşleriň ýyly bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin!

Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2025 12 26t13 33 31 31de6b91 7382 44fb ae04 1696398745be THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýapon bilermeni Tokunaga Ýuki türkmen talyplary üçin okuw sapagyny geçirdi

bitaraplyk 30 yyl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop