Dark
Light
06.10.2026
main 6 1300x731 1 THE ASHGABAT TIMES

Täze ýyla — täze umytlar we yäze başlangyçlar nilen

26.12.2025

Täze ýyl baýramy — ruhy täzelenişi, ýagşy niýetleri hem-de geljege bolan berk ynamy alamatlandyrýan aýratyn baýramdyr. Bu günler adamzadyň kalbynda täze umytlar oýanýar, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly gymmatlyklar has-da belentden ýaňlanýar. Täze ýyl her bir öýe şatlyk, parahatçylyk we abadançylyk dilegleri bilen gelýär.

Dünýäniň ähli halklary bilen bir hatarda, ata Watanymyz Türkmenistan hem 2026-njy ýyly döredijilik ruhunda, uly ösüşlere bolan ynam bilen garşy alýar. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjegi täsin owadanlyga beslenýär. Şäherleriň şaýollary, meýdançalar, seýilgähler baýramçylyk bezegleri, yşyk saçýan arçalar we nurana binalar bilen aýratyn bir ruhy gurşaw döredýär. Mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda hem-de medeni merkezlerde geçirilýän baýramçylyk çäreleri halkymyzyň biri-birine ýagşy arzuwlaryny ýetirmegine, täze başlangyçlara umyt bilen gadam basmagyna mümkinçilik berýär.

Täze 2026-njy ýyl türkmen halkyna parahatçylyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk we täze üstünlikler getirsin. Täze maksatlara tarap ynamly ädimlerimiz hemişe rowaç bolsun.

Maýa  MÄTIÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenskie tyazheloatlety zavoevali 12 medalej na mezhdunarodnom turnire THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ýygyndy topary Katar Kubogynda 12 medal gazandy

tajik care THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop